Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Özbegistan — 2030» strategiýasynyň mazmunyna we täzelenen taslamasyna bagyşlanan brifing geçirildi. Çärä ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem diplomatik korpusyň agzalary gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Duşuşykda Özbegistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow çykyş edip, amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň esasy ugurlaryna hem-de olaryň iki doganlyk ýurduň gatnaşyklaryna ýetirjek oňyn täsirine aýratyn ünsi çekdi.
Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylda kabul edilen «Özbegistan — 2030» strategiýasy birnäçe ileri tutulýan ugry öz içine alyp, olar her bir raýatyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin mynasyp şertleri döretmek, durnukly ykdysady ösüş arkaly abadançylygy üpjün etmek, suw serişdelerini tygşytlamak we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty yzygiderli dowam etdirmek ýaly möhüm wezipeleri öňde goýýar.
Brifingde türkmen-özbek gatnaşyklarynyň köpugurly häsiýetine, häzirki derejesine, uzak geljegi nazarlaýan ugurlaryna-da üns çekildi. Özbegistanyň täzelenen strategiýasy sebit hyzmatdaşlygyna, sebitiň üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmäge we Merkezi Aziýada suw-energetika meselelerini bilelikde çözmäge gönükdirilip, Türkmenistan bilen alnyp barylýan dostlukly gatnaşyklaryň has-da çuňlaşmagyna berk binýady döredýär.
— Özbegistan elmydama Türkmenistanyň ygtybarly strategik hyzmatdaşydyr. Biz üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmekde, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde we tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň durnukly ösüşini üpjün etmekde bilelikde işlemegi dowam etdireris. Täzelenen «Özbegistan — 2030» strategiýasy doganlyk özbek we türkmen halklarynyň abadançylygynyň bähbidine özara gatnaşyklary has-da berkitmäge hyzmat eder — diýip, ilçi çykyşynda aýtdy.