Turkmenportal logo
Düýn 15:24
56525652
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2025-nji ýylda Türkiýe Türkmenistanyň raýatlarynyň 120 müňe golaýyna wiza berildi

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda Türkiýä 200 müňe golaý Türkmenistanyň raýaty barypdyr. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok 28-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilen metbugat maslahatynyň dowamynda habar berdi.

Ilçi medeni meseleleriň iki doganlyk ýurduň — Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklarda möhüm orun tutýandygyny belledi.

Türkiýäniň ilçihanasynyň beren maglumatyna görä, 2025-nji ýylda türkmen raýatlaryna jemi 120 müňe golaý wiza berildi.

Ahmet Demirok türkmen raýatlarynyň türk seriallaryna, filmlerine we sazlaryna bolan uly gyzyklanmasyny aýratyn nygtady. Bu gyzyklanma ýurtlaryň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň has-da berkemegine ýardam edýär.

Diplomat 2026-njy ýylda medeni ulgamda möhüm ädimleriň ädiljekdigini mälim etdi. Hususan-da, Aşgabatda dünýäniň köp ýurtlarynda işläp gelýän Ýunus Emre adyndaky Türk medeniýetiniň merkeziniň açylmagy meýilleşdirilýär.