Turkmenportal logo
Düýn 15:00
90719071
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-türk toparyň 9-njy mejlisi geçiriler

2026-njy ýylyň aprel aýynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-türk toparynyň 9-njy mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok 28-nji ýanwarda ilçiniň rezidensiýasynda geçirilen metbugat maslahatynda habar berdi.

Mejlis Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewiň bilelikde ýolbaşçylyk etmeginde geçiriler.

Ilçiniň belleýşi ýaly, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-türk topary iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm maslahat beriji mehanizm bolup durýar. Toparyň öňki, 8-nji mejlisi 2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda Ankara şäherinde geçirilipdi.

«Geljekki mejlisiň dowamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyzy köp ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmek üçin ýakyn wagtda amala aşyrylyp bilinjek bilelikdäki ädimler kesgitlener» — diýip, Demirok çykyşynda nygtady.

Häzirki wagtda Bilelikdäki toparyň mejlisini geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.