Turkmenportal logo
Düýn 14:52
51925192
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmen gazy gönümel Ýewropa iberilip bilner» — Türkiýäniň ilçisi Hazarüsti taslamasy barada

28-nji ýanwarda Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirokyň rezidensiýasynda Türkiýäniň we Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda metbugat maslahaty geçirildi. Çäräniň dowamynda syýasat, söwda, bilim, medeniýet we energetika ýaly dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň arasyndaky energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna aýratyn üns berildi.

Ilçi energetikanyň Türkiýe bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde möhüm orun eýelemegini dowam etdirýändigini belledi. 2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda BOTAŞ bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň arasynda Eýranyň üsti bilen barter usulynda ýylda 2 milliard kub metre çenli türkmen tebigy gazyny Türkiýä ibermek baradaky ylalaşygyň gol çekilmegi taryhy waka boldy – diýip, Demirok nygtady.

«Türkmen gazynyň biziň ýurdumyza iberilmeginiň meselesi 30 ýyldan gowrak wagt bäri gün tertibinde durdy. Bu arzuwyň türkmen doganlarymyz bilen bilelikde amala aşmagy bize uly ynam berýär» — diýip, Demirok belledi.

Ilçi türkmen gazynyň iberilip başlanmagyny dünýä derejesinde Türkmenistanyň ygtybarly energetika hyzmatdaşydygyny görkezýän taryhy waka hökmünde häsiýetlendirdi.

Uzak möhletleýin mümkinçilikler barada durup geçmek bilen, Demirok Hazarüsti gaz geçirijisi taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini belledi.

«Biz Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasynyň Türkmenistan hem Azerbaýjan bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylyp bilinjekdigine pugta ynanýarys. Bu taslama arkaly türkmen tebigy gazy gönümel Ýewropanyň bazaryna, ilkinji nobatda bolsa biziň ýurdumyza iberilip bilner» — diýip, diplomat aýtdy.

Ilçi Ahmet Demirokyň bellemegine görä, dünýäde syýasy we ykdysady durnuksyzlygyň artmagy, şeýle hem «ýaşyl» özgertmeler prosesi bilen baglanyşykly ekologiki meseleleriň güýçlendirilmeginiň şertlerinde türkmen gazyny günbatar bazarlaryna ibermek üçin amatly döwür emele gelýär.

«Bu mümkinçilikler penjiresiniň hemişelik açyk durmajakdygyny göz öňünde tutup, mümkin boldugyça tiz wagtda anyk işe girişmek zerurdyr» — diýip, ilçi nygtady.

Demirok özara bähbitli hyzmatdaşlyk formulasynyň gysga möhletde bar bolan infrastrukturalardan peýdalanmak arkaly, şeýle hem orta we uzak möhletde infrastruktura ýetmezçiliklerini aradan aýyrmak we täze maýa goýumlaryny amala aşyrmagyň esasynda ähli gatnaşyjy taraplar üçin peýda getirjekdigine ynam bildirdi.

Şeýle-de ilçi Türkmenistanyň diňe tebigy gazy eksport etmekde däl-de, eýsem hereket edýän we gurulýan energetika desgalarynyň hasabyna elektrik energiýasyny eksport etmekde hem möhüm orunlary eýeleýändigini belledi.

«Biz türkmen elektrik energiýasynyň hem günbatar bazarlaryna daşalmagynyň energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygymyza täze mazmun berjekdigine ynanýarys» — diýip, Demirok sözüni jemledi.