Halkara Jibek Joly («Ýüpek ýoly») syýahatçylyk otlusy ilkinji gezek Gündogar bilen Günbatary baglanyşdyrjak gadymy söwda ýolunyň ugry boýunça döredilen bir bitewi ugruň çäginde Gazagystany, Özbegistany we Täjigistany birleşdirer. Bu barada «Gazagystan temir žoly» milli demir ýol operatorynyň metbugat gullugy habar berdi.
«2026-njy ýylyň 20–25-nji marty aralygynda halkara Jibek Joly syýahatçylyk otlusy medeni-bilim beriji bitewi ugruň çäginde Gazagystany, Özbegistany we Täjigistany öz içine alar. Taslamanyň taryhynda ilkinji gezek bu ugur Duşenbe şäherine çenli giňeldiler» — diýlip, habarda bellenilýär.
Otlynyň ugry şu ýollar boýunça geçer: Almaty – Türküstan – Samarkand – Duşenbe – Taşkent – Almaty. Syýahata gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň halklarynyň däp-dessurlary, milli ýörelgeleri hem-de sebitiň saz sungaty bilen tanyşarlar.
Gazagystan bilen Özbegistanyň arasynda syýahatçylyk otlularyny işe girizmek baradaky ylalaşyk 2024-nji ýylyň ahyrynda gazanylypdy.