2025-nji ýylda Türkmenistanyň çäginden jemi 21 müň 320 sany konteýner ýük daşamalary amala aşyryldy. Şol sanda, üstaşyr 10 müň 470, eksport 6 müň 450 we import 4 müň 400 sany, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10 müň 200 konteýnere ösüş gazanyldy. Bu barada Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Şeýle-de, Russiýa — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran, Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa, Özbegistan halkara multimodal ulag geçelgesini has oňaýly şertleri döretmek barada geçirilen duşuşyklaryň netijesinde, Russiýa — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran, Özbegistan — Azerbaýjan — Gruziýa ugurlaryndan hasabat döwründe jemi 74 sany konteýner otlulary üstaşyr amala aşyryldy.
Türkmenistanyň logistika mümkinçiliklerinden peýdalanyp, «Demirgazyk — Günorta», «Lapis-Lazuli», «Gündogar — Günbatar» halkara ulag geçelgelerinden ýurduň üsti bilen üstaşyr, import hem-de eksport ýük dolanşygyny artdyrmak boýunça häzirki döwürde amatly hasaplanylýan konteýner ýük dolanşygy giňden ulanylyp başlandy.