Turkmenportal logo
Düýn 09:26
1125511255
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjylary Watan goragçylarynyň güni mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryny hem-de işgärlerini Watan goragçylarynyň güni mynasybetli gutlady. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, Watanyň mukaddes Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, döwlet serhediniň mizemezligini goraýan, ýurduň howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygy hem-de hukuk tertibini üpjün edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna we işgärlerine bildirilýän uly ynamy dabaralandyrýan bu baýram parasatly halkyň merdi-merdanalyga, Watan mukaddesligine goýýan belent hormatyny alamatlandyrýar.

«Häzirki wagtda ýurdumyzda Watan goragçylarynyň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk we iş şertleriniň gowulandyrylmagy aýratyn üns merkezinde saklanylýar. Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary üçin niýetlenilen köp sanly gulluk we ýaşaýyş-durmuş maksatly täze binalar we desgalar toplumlarynyň açylyp, ulanmaga berilmegi ýurt goragçylaryna goýulýan sarpany has-da belende göterdi. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny öňküden-de döwrebaplaşdyrmak, Watan goragçylarynyň gulluk etmegi we dynç almagy üçin has oňaýly şertleri döretmek hemişe Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň we amala aşyrýan harby özgertmeleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galar» diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda bellenilýär.