Turkmenportal logo
Düýn 15:55
83388338
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hindistan we Türkmenistan sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge gyzyklanma bildirýär – ilçi

Hindistan we Türkmenistan sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge, şeýle hem terrorçylyk, ekstremizm we neşe söwdasynyň howplaryna garşy göreşmäge gyzyklanma bildirýär. Bu barada Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Bandaru Wilsonbabu Hindistan Respublikasynyň gününiň 76 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly kabul edişlikdäki çykyşynda aýtdy.

Diplomat öz çykyşynda: «Soňky ýyllarda Hindistan bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär, ýurtlarymyz BMG-niň çäklerinde hem-de «Hindistan – Merkezi Aziýa» dialogynyň esasynda ýakyndan hyzmatdaşlygyny dowam etdirýär. Hindistan we Türkmenistan sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge, terrorçylyk, ekstremizm, radikallaşma, neşe söwdasy we kiberjenaýatçylyk ýaly howplara garşy bilelikde göreşmäge gyzyklanma bildirýär» — diýip, belledi.

Ol Hindistanyň parahatçylygyň tarapdary bolup durýandygyny, emma halkyny terrorçylykdan goramak üçin aýgytly çäreleri görmekden saklanmajakdygyny nygtady. Şeýle hem ilçi bu göreşde Hindistana bildirilýän goldaw we raýdaşlyk üçin Türkmenistanyň hökümetine we halkyna minnetdarlyk bildirdi.

Wilsonbabu Hindistanyň ösüş boýunça tejribesini we bilimlerini Türkmenistan bilen paýlaşmagyny dowam etdirjekdigini, esasan-da, goranyş we howpsuzlyk, nebit-gaz pudagy, saglygy goraýyş we derman senagaty, sanly infrastruktura ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürjekdigini aýtdy.