Turkmenportal logo
Düýn 15:43
87128712
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lezzetli Tamdyr — türkmen däpleriniň tagamy

Lezzetli Tamdyr — türkmen milli aşhanasynyň hakyky ruhunyň janlanýan ýeridir! Bu ýerde her bir bir tagam däpleriň hoşboý ysyna, tamdyryň tüssesine we öý ojaklarynyň ýylylygyna siňendir.

Naharlaryň sanawynda — diňe wagtyň synagyndan geçen, ene-mamalarymyzyň ulanan gadymy usullaryna pugta eýerilip, taýýarlanylýan iň halanýan naharlar: hoşboý ysyny alanyňda agzyňy suwardýan datly çorbalar, tüwüsi seçelenip duran, şireli etli, altyn öwüşginli palaw, tamdyrdan ýaňy çykarylyp, kibirdäp duran gyzgyn çörekler, çişde bişirilýän hoşboý ysly kebaplar we, elbetde, türkmen saçagynyň hakyky gymmatlyklary — meşhur Kellebaşaýak, işdä ýakyn Gazan basdy we Gömme işlekli, Çopan çörek hem-de türkmen sähralarynyň we maşgala baýramlarynyň ruhuna laýyk gelýän beýleki hakyky milli tagamlar bar.

Nähili gurşaw? Islendik toýdyr dabara üçin!

  • Uly, giň zal — toý dabaralary, ýubileýler, dost-ýarlaryň şowhunly ýygnanyşyklary üçin, hemmeleriň bilelikde şatlanýan we rahat dynç alýan ýeri.

  • Aýratyn, rahat kabinalar — iki adamlyk romantik agşamlyk, wajyp gürrüňler ýa-da asuda maşgala nahary üçin, rahatlyk we ikiçäk oturmak isleýänler üçin.

Iň lezzetli täzelik bolsa şu: Lezzetli Tamdyr indi siziň ýanyňyza hem gelýär! Göçme keýtering — bu diňe bir eltip bermek däl, eýsem siziň ýanyňyzdaky çäkde doly derejeli türkmen baýramydyr. Işine ussat aşpezler tamdyr we ähli zerur enjamlary bilen gelip, tagamlary gözüňiziň öňünde taýýarlarlar, stollary ähli däplere laýyk bezärler, myhmanlara hyzmat ederler we ýürekden çykýan saçagyň şol özboluşly gurşawyny dörederler. Maşgala toýy, korporatiw çäre, doglan gün ýa-da dostlar bilen ýönekeý bir agşamlyk — indi Türkmenistanyň hakyky tagamy siziň öýüňizde hem bolup biler!

Salgysy: Aşgabat, senagat zolagy, aýlaw ýolunyň ugrunda, Mary awtoduralgasynyň golaýynda.
Sargyt etmek we maglumatlary almak üçin telefonlar: 19 07 70, 12 07 70, 10 06 60, (+993 71) 25 26 40, (+993 71) 25 26 41.
Täzelikleri we işdä açyjy suratlary biziň sosial ulgamlarymyzda yzarlaň.