Turkmenportal logo
Düýn 15:17
82028202
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daşkentde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň täze baştutany saýlandy

Kataryň Olimpiýa komitetiniň prezidenti şeýh Joan bin Hamad Al-Tani Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň (AOG) başlygy wezipesine saýlandy. Saýlawlar guramanyň Daşkent şäherinde geçirilen 46-njy Baş Assambleýasynda geçirildi — diýip, Turkmenportal neşiriniň habarçysy habar berýär.

Täze saýlanan AOG-niň ýolbaşçysy öz çykyşynda: «Aziýa — olimpiýa maşgalasynyň iň uly we dürli görnüşli yklymydyr. Bu dürli-dürlülik biziň iň uly güýjümizdir. Emma ol şol bir wagtyň özünde birek-birege hormat goýmakdan we olimpiýa gymmatlyklaryna umumy ygrarlylygymyzdan gözbaş alýan jebisligi talap edýär» — diýip, belledi.

Şeýle hem ol jebisligiň esasynda dürli-dürlüligi mümkinçiliklere öwürmegiň, milli olimpiýa komitetleriniň hukuklaryny giňeltmegiň we ýaşlara dünýä sport giňişliginde üstünlik gazanmak üçin platforma döretmegiň mümkindigini nygtady.

AOG-niň prezidenti wezipesinde şeýh Joan bin Hamad Al-Tani saglyk ýagdaýy sebäpli öz ygtyýarlyk möhletini wagtyndan öň tamamlan Hindistandan bolan Randhir Singhiň ornuny eýeledi.

Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Baş Assambleýasyna Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň baş sekretary Ata Akmämmedow we Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Allaberdi Saparow gatnaşdylar.