Turkmenportal logo
25.01.26
1532315323
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2025-nji ýylda türkmen-özbek söwda dolanyşygy 1,2 milliard dollardan geçdi

2025-nji ýylda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy görnetin artdy. Has takygy, iki ýurduň arasyndaky özara söwda geçen ýylda 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 54 million amerikan dollary möçberinde ýokarlandy.

Özbegistanyň Milli statistika komitetiniň habar bermegine görä, hasabat döwründe türkmen-özbek söwda dolanyşygy 1 milliard 203,7 million amerikan dollaryna deň boldy. Deňeşdirmek üçin, bu görkeziji 2024-nji ýylda 1 milliard 149,7 million amerikan dollaryna barabardy. 

Hasabat döwründe Türkmenistan goňşy ýurduň importynda sekizinji orny eýeledi. Geçen ýyl Türkmenistanyň özbek bazaryna eksporty 1 milliard 52,2 million amerikan dollaryna deň boldy.