Turkmenportal logo
Şu gün 14:05
37293729
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Günorta Koreýa emeli aň barada kanunlary doly güýje girizen ilkinji ýurt boldy

Günorta Koreýa emeli aň ulgamlaryny düzgünleşdirýän kanunlary doly derejede güýje girizen ilkinji döwlet boldy. Täze kadalara laýyklykda kompaniýalar emeli aň tarapyndan döredilen mazmuny, şol sanda dipfeýkleri hem ýörite bellik bilen görkezmäge, şeýle-de ýadro howpsuzlygyndan başlap saglygy goraýyş ulgamyna çenli möhüm pudaklarda kompýuter ulgamlarynyň üstünden adam gözegçiligini üpjün etmäge borçludyrlar.

Ýurduň häkimiýetleri bu kanunçylygyň raýatlaryň emeli aň tehnologiýalaryna bolan ynamyny berkitmäge hem-de olaryň ulanylyşynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini belleýärler. Günorta Koreýanyň Ylym we maglumat tehnologiýalary ministrligi bu düzgünler toplumyny Ýewropadan soň dünýäde ikinji diýip atlandyrdy.

Koreýa çemeleşmesiniň Ýewropa nusgasyndan esasy tapawudy — düzgünleriň ähli toplumynyň dessine güýje girmegidir. 2024-nji ýylyň iýun aýynda Ýewropanyň Parlamenti tarapyndan kabul edilen ÝB-niň emeli aň baradaky kanunlary tapgyrlaýyn ornaşdyrylar we diňe 2027-nji ýyla çenli doly güýjünde hereket eder.

Täze düzgünlere laýyklykda kompaniýalar öz önümlerinde we hyzmatlarynda ýokary netijeli ýa-da generatiw emeli aňyň ulanylýandygy barada ulanyjylary habarly etmelidirler. Ýadro energetikasy, suw üpjünçiligi, ulag, lukmançylyk we maliýe hyzmatlary ýaly ýokary töwekgelçilikli ugurlar üçin aýratyn talaplar kesgitlenendir. Bu ugurlarda algoritmleriň kabul edýän çözgütleriniň üstünden adam gözegçiligi saklanyp galmalydyr.

Dünýä jemgyýetçiligi emeli aňy düzgünleşdirmekde deňagramly çemeleşmäni gözlemegini dowam etdirýär. Amerikanyň Birleşen Ştatlary innowasiýalaryň haýallamagyndan howatyrlanyp, has liberal modeli saýlady. Hytaý bolsa, öz gezeginde, eýýäm öz çäklendirmelerini girizdi we emeli aň tehnologiýalarynyň düzgünleşdirilmegini utgaşdyrmak üçin halkara guramasyny döretmegi teklip etdi.