Turkmenportal logo
Düýn 15:11
1574215742
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda hindi dili boýunça okuw otagy açyldy

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hindi dili boýunça okuw otagynyň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň sekretary Sibi Jorj, Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Bandaru Wilsonbabu hem-de diplomatik wekilhananyň işgärleri gatnaşdylar.

Täze okuw otagy hindi dilini öwrenmek üçin häzirki zaman tehniki enjamlary bilen üpjün edildi. Talyplar hindi ýazyjylarynyň eserleri, şeýle hem ýurduň medeni mirasy baradaky maglumatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar. Otagda çeper okamalar, bäsleşikler we tematik çäreleri geçirmek üçin zerur şertler döredildi.

Dabaranyň dowamynda institutyň dilçi talyplary hindi dilinde çykyş etdiler. Okuw otagynyň açylmagy bilim we medeniýet ulgamlarynda türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, şeýle hem dilçi hünärmenleri taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.