Turkmenportal logo
21.01.26
1865518655
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hindistanyň DIM-niň wekili SPEKA-nyň Ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada geldi

Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar ugry boýunça sekretary Sibi Jorj şu gün resmi sapar bilen Aşgabat şäherine geldi.

Saparyň maksady Hindistan bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçiriljek maslahatlaşmalara, şeýle hem SPEKA-nyň (BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy) Ykdysady forumyna gatnaşmakdan ybaratdyr.

Howa menzilinde hindi diplomaty Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi hem-de Türkmenistanyň Hökümetiniň wekilleri tarapyndan garşy alyndy.

Bu sapar Hindistan bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, şeýle hem sebit derejesindäki ykdysady başlangyçlara gatnaşmagyň çäklerinde amala aşyrylýar.