Turkmenportal logo
20.01.26
1664916649
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Döwlet hyzmatlarynyň e.gov.tm portaly bank kartlaryny onlaýn resmileşdirmek mümkinçiligini hödürleýär

Döwlet hyzmatlarynyň e.gov.tm portaly Türkmenistanyň raýatlaryna bank kartyny elektron görnüşde resmileşdirmek üçin ýüz tutmak mümkinçiligini hödürleýär. Bu hyzmat «Onlaýn hyzmatlar» — «Ykdysady, bank we maliýe ulgamy» bölüminiň çäklerinde elýeterli bolup, ol Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky bilen bilelikde amala aşyrylýar.

Döwlet hyzmatlarynyň e.gov.tm platformasy arkaly bankyň müşderileri hem-de ýurduň beýleki raýatlary täze töleg kartyny almak üçin sargyt berip ýa-da bar bolan kartyny gaýtadan çykarmak boýunça ýüz tutup bilerler. Arza bermek işiniň sanly görnüşi ulanyjylaryň wagtyny tygşytlap, bank şahamçasyna ilkinji gezek baryp gelmegiň zerurlygyny aradan aýyrýar.

Portalyň sahypasynda hyzmatdan peýdalanmak boýunça ädimme-ädim görkezme ýerleşdirilipdir. Goşmaça maslahatlary almak üçin Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky bilen +993 (12) 44-03-04 telefon belgisi arkaly habarlaşyp bolýar.

Bank kartlary boýunça onlaýn arzalar hyzmaty döwlet hyzmatlaryny bitewi sanly giňişlikde birleşdirýän e.gov.tm portalynyň elektron hyzmatlarynyň sanawyna girýär.