Türkmenistan 2025-nji ýylda Özbegistana syýahat eden raýatlarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlaryň biri boldy. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komiteti habar berdi.
Habarda bellenilişine görä, hasabat döwründe 370 müň türkmenistanly jahankeşde goňşy ýurda barypdyr. Netijede, Türkmenistan syýahat etmek maksady bilen Özbegistana baran raýatlarynyň sany boýunça altynjy orny eýeledi. Sanawda birinji ýer Gyrgyz Respublikasyna (3,3 million) degişli. Şeýle-de ilkinji bäşlikde Täjigistanyň (2,7 million), Gazagystanyň (2,7 million), Russiýanyň (984,4 müň) we Owganystanyň (476,7 müň) ady bar.
Umuman alnanda, Özbegistan geçen ýyl 11,7 million daşary ýurtly syýahatçyny kabul edipdir. Bu görkeziji 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 46,8 göterim ýokarydyr.