«Täze aý» kompaniýasynyň düzüminde «Ýaşyl ýaz» hojalyk jemgyýeti ady bilen işleýän guşçulyk toplumy 2021-nji ýylyň mart aýynda ulanyşa girizildi. Önümçilik desgasy Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň çäginde ýerleşip, 11 gektar meýdany eýeleýär hem-de kompaniýanyň möhüm bölümleriniň biri bolup durýar.
Häzirki wagtda ferma durnukly önümçilik görkezijilerini görkezýär: ýyllyk önümçilik möçberi 1 000 tonna çenli guş etine we takmynan 8 million ýumurtga barabardyr. Guşlaryň umumy sany takmynan 91 müň dürli ýaşdaky guşdan ybaratdyr. Önümçilikde Türkmenistanyň howa şertleri boýunça synagdan geçirilen we uýgunlaşdyrylan tohumlardan peýdalanylýar: ýumurtga ugurly Lohman we LS synply towuklar, et ugurly Ross 308 we Cobb 500 krosslary, şeýle hem şol bir ugurlaryň enelik sürüleri.

Guşlaryň saklanylyşy we iýmitlendirilmegi doly awtomatlaşdyrylandyr: guşhanalar we ammar desgalary häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilendir. Iýmler kompaniýanyň öz meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen oba hojalyk ekinlerinden öndürilýär we öz Kombinirlenen iými taýýarlamak bölüminiň üsti bilen taýýarlanylýar. Bu bolsa iýmiň hiline ähli tapgyrlarda gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
Ferma arassaçylyk-werterinariýa talaplaryny doly berjaý edýär. Önümçilik etrap weterinariýa gullugynyň hemişelik gözegçiliginde saklanýar. Önümiň hili we howpsuzlygy meselelerinde kärhana Mary welaýatynyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy bilen hyzmatdaşlyk edýär; ähli zerur rugsatnamalar we şahadatnamalar resmileşdirilendir. Önümler Halal şahadatnamasyna eýedir.

Hil gözegçiligi guşlaryň saklanyşyndan başlap taýýar önümiň çykarylmagyna çenli ähli tapgyrlarda guşçulyk toplumynyň ugurdaş hünärmenleri we barlaghananyň işgärleri tarapyndan amala aşyrylýar. Fermada 87 sany ýokary derejeli işgär zähmet çekýär, olar üçin ähli zerur iş şertleri döredilendir. Hünär derejesini ýokarlandyrmak tejribeli ussatlaryň gatnaşmagynda yzygiderli okuw sapaklary arkaly üpjün edilýär.
Guşçulyk toplumynyň önümleri bazarlarda we söwda nokatlarynda satylýar, şeýle hem kompaniýanyň öz gaýtadan işleýän bölümlerini, ilkinji nobatda et we et önümleri ugruny üpjün etmekde ulanylýar.

Geljekde «Täze aý» guşçulyk toplumyny giňeltmegi, guşhanalaryň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu önümçilik möçberini ýokarlandyrmaga hem-de kompaniýanyň içerki bazardaky ornuny has-da berkitmäge mümkinçilik berer.
Guşçylyk toplumynyň aragatnaşyk maglumatlary:
Telefonlar: 800564 4-81-81. +993 63 63-86-62.
Önümler Türkmenistanyň içerki bazarynda satuwa çykarylýar.