Turkmenportal logo
19.01.26
1576715767
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BMG Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetini ösdürmek strategiýasyny goldaýar

BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetini ösdürmegiň Konsepsiýasyny hem-de 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny taýýarlamaga goldaw berdi. Bu barada BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetine beren interwýusynda habar berdi.

Onuň bellemegine görä, BMGÖM-niň goldawy bilen maliýe hasabatlylygyny ýöretmekde we Milli hasaplar ulgamyny ornaşdyrmagyň metodologiýalarynda innowasiýalar durmuşa geçirildi. Eksport-import amallary üçin «Bitewi penjire» ulgamyny döretmegiň çäklerinde gümrükde töwekgelçilikleri dolandyrmak işi güýçlendirildi.

«UN/CEFACT standartlaryny ulanmak arkaly SMGS demir ýol nakladnoýynyň elektron ekwiwalentini ornaşdyrmak boýunça amala aşyrylan pilot taslamasy möhüm ädim boldy. Bu bolsa Türkmenistany dünýäniň iň gowy tejribelerine has-da ýakynlaşdyrdy» diýip, utgaşdyryjy belledi. Şeýle hem BMGÖM hünär bilimi berýän edaralaryň dördüsini döwrebap IT-infrastrukturasy bilen üpjün etdi we ýüzden gowrak ýaşlaryň degişli okuwlary geçmegini gurady.