Turkmenportal logo
19.01.26
1580715807
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Senegal ikinji gezek Afrikanyň milletler kubogyny gazandy

Senegalyň milli futbol ýygyndysy 2026-njy ýylyň Afrikanyň milletler kubogynyň ýeňijisi boldy. Final duşuşygynda Senegalyň ýygyndysy 1:0 hasaby bilen Marokkonyň ýygyndysyny ýeňdi. Oýun goşmaça wagt berilmegi bilen tamamlandy.

Duşuşygyň ýeke-täk goluny Senegalyň ýarym goragçysy Pap Geýe geçirdi.

Bu Senegalyň ýaryşda gazanan ikinji ýeňşi boldy. Ilkinji gezek Senegalyň futbolçylary 2021-nji ýylda Kamerunda geçirilen final ýaryşda Müsüriň ýygyndysyny ýeňip, bu arzyly kuboga mynasyp bolupdylar. Şol duşuşyk esasy we goşmaça wagtlardan soň deňme-deň tamamlanyp, ýeňiji 11 metrlik jerime urgulary arkaly kesgitlenipdi. Senegal şol ýerde has takyk bolup, 4:2 hasaby bilen ýeňiş gazanypdy.