Turkmenportal logo
14.01.26
2357323573
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Arkadag» Türkiýedäki türgenleşik ýygnanyşygynda Bolgariýanyň «Septemwri» topary bilen duşuşar

«Arkadag» futbol kluby 16-njy ýanwarda Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde Bolgariýanyň «Septemwri» futbol topary bilen dostluk duşuşygyny geçirer. Bu barada türkmen klubunyň metbugat gullugy habar berýär.

«Arkadag» topary Türkiýede 12-nji ýanwardan 2-nji fewral aralygynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Mundan ozal 31-nji ýanwarda türkmen toparynyň Özbegistanyň häzirki çempiony – Fergananyň «Neftçi» kluby bilen hem duşuşjakdygy habar berilipdi.

Sofiýa şäheriniň «Septemwri» topary Bolgariýanyň Birinji ligasynda çykyş edýär. 19 tapgyrdan soň topar 15 utuk toplap, ýaryş tertibinde soňky orunlaryň birini eýeleýär.