Turkmenportal logo
Düýn 17:45
81108110
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar
Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksa bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Iň ýokary we ýokary derejeli geljekki saparlara taýýarlyk görmäge aýratyn üns berildi. Taraplar sebitleýin we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.

Şeýle-de diplomatlar ýokary tehnologiýalar, ulag, ykdysadyýet, energetika, daşky gurşawy goramak we ýokary hünär bilimi ugurlary boýunça häzirki dowam edýän we geljekde mümkin bolan bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.