Turkmenportal logo
Düýn 22:22
1872118721
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Iş maslahaty: Şor suw akabalarynda işleri talabalaýyk geçirmek tabşyryldy
Iş maslahaty: Şor suw akabalarynda işleri talabalaýyk geçirmek tabşyryldy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. «Watan»  habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek, mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Pagta öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek üçin gowaça tohumyny taýýarlamak, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň gurallaryny abatlamak, talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, ýeralma we gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde olaryň ekiljek ýerlerini we tohumlaryny taýýarlamak, ekin meýdanlarynyň meliortiw ýagdaýlaryny gowulandyrmak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Mary welaýatynda  ösdürilip ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ony gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem welaýatlaryň çägindäki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler hem-de şu ýylda welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de welaýatlarda gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmegi, pagta öndürijileri gowaça tohumy bilen üpjün etmäge aýratyn üns bermegi, şunuň bilen baglylykda, ekiş möwsümine çenli ýokary hilli gowaça tohumyny, ýaz ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny möwsüme talabalaýyk taýýarlamagyň, bugdaý meýdanlarynda ideg işlerini talabalaýyk geçirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutany welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda pagta we bugdaý, Lebap welaýatynda şaly,  Mary welaýatynda gant şugundyry hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegine gözegçiligi etmek, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlaryny ýazky ekişe taýýarlamak bilen birlikde, ekin meýdanlarynyň daş-töwereginde suwaryş we şor suw akabalarynda arassaçylyk işlerini talabalaýyk geçirmek bilen bagly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe hem-de welaýatlaryň häkimlerine anyk tabşyryklary berdi.