Aşgabat şäher häkimliginiň ygtyýaryna şäheriň tämizligini saklamak we abadanlaşdyrmak üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen tehnikalaryň we ulaglaryň 194 sanysy gelip gowuşdy.
Getirilen tehnikalaryň esasy bölegini dürli görnüşli zibil daşaýjy ulaglar düzdi. Hususan-da, olaryň arasynda göwrümi 20 kub metr bolan kiçi konteýnerler üçin gapdaldan ýükleýän zibil daşaýjylaryň 60-sy, göwrümi 14 kub metr bolan yzdan ýükleýän zibil ýygnaýjy awtoulaglaryň 20-si we göwrümi 20 kub metr bolan konteýnerli zibil daşaýjylaryň 20-si bar.
Köçeleri arassalamak üçin suw sygymynyň göwrümi 9,4 kub metr bolan «INFORE ENVIRO» kysymly köçe ýuwujy ýeňil awtoulaglaryň 3-si, suw sygymynyň göwrümi 6 kub metr we zibil gaby 4 kub metr bolan süpüriji-arassalaýjy awtoulaglaryň 4-si alyndy. Şeýle hem jemagat hojalygy işgärleriniň ygtyýaryna lagymlary arassalamak we galyndylary ýygnamak üçin niýetlenen gidrawliki awtoulaglaryň 8-si berildi.
Tehnikalaryň hatarynda göwrümi 10,6 kub metr bolan suw daşaýjy ulaglaryň 4-si, ýol arassalamak işinde ulanylýan 9,3 kub metrlik suw daşaýjylaryň 4-si, şeýle-de galyndylary daşamak üçin niýetlenen gurluşyk ýük awtoulaglary hem bar.
Ýükleme-düşürme işlerini ýerine ýetirmek üçin jemagat hojalygy gulluklaryna ekskawator-ýükleýjileriň 4-si, göwrümi 3 kub metr bolan ýükleýjileriň 4-si we teleskopik ekskawatorlaryň 4-si gowşuryldy. Mundan başga-da, işgärler üçin gulluk awtobuslary, tehnikalara hyzmat etmek we abatlamak üçin göçme ussahanalar, şeýle hem ýol işlerini bellemek üçin ýöriteleşdirilen awtoulaglar geldi.
Täze tehnikalar paýtagtyň jemagat hojalygy gulluklarynyň işiniň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
