Üstümizdäki oba hojalyk ýylynyň jemleri boýunça Russiýa dünýä bazarynda käbir azyk önümleri babatda öňdäki ornuny berkider. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň nutugyna salgylanýan «Ria.ru» habar berýär.
Ýagny ýurt 2025-2026-njy oba hojalyk ýylynda bugdaý boýunça birinji, çowdary boýunça üçünji, arpa boýunça dördünji we mekgejöwen boýunça altynjy orny eýelär. Şeýle-de Russiýa doňuz etiniň eksporty babatda ýedinji we guş eti babatda dokuzynjy orny eýelär. Süýt önümleri babatda aýdylanda, esasy eksport harytlary peýnir we mesge bolar. Olar babatda ýurt degişlilikde, sekizinji we on birinji orunlary eýelär.
Alymlar şeýle hem rus harytlarynyň esasy eksport ediljek ugurlarynyň GDA, Aziýa we Afrika ýurtlary bolup durýandygyny nygtadylar.
