Turkmenportal logo
Düýn 09:53
81078107
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hindistanyň ilçisi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi
Hindistanyň ilçisi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi

Hindistan Türkmenistana özüniň ýakyn hyzmatdaşy hökmünde garaýar we maglumat tehnologiýalary, derman senagaty, saglygy goraýyş hem-de bilim ugurlarynda tejribe alyşmaga taýýardyr. Bu barada Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Bandaru Wilsonbabu Aşgabatda geçirilen Bütindünýä hindi dili güni mynasybetli guralan dabarada belledi.

«Hindistan Türkmenistany örän ýakyn ýurt, giňeldilen goňşuçylyk gatnaşyklaryndaky ýakyn hyzmatdaş hasaplaýar. Sebäbi iki ýurt hem Owganystan bilen serhetleşýär we biz iş ýüzünde goňşy ýurtlar ýaly» diýip, diplomat belledi hem-de ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň birnäçe müňýyllyklara uzaýan kökleriniň bardygyny nygtady.

Ilçi Hindistanyň 1991-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden we Aşgabatda hemişelik ilçihanasyny açan ilkinji ýurtlaryň biri bolandygyny ýatlatdy. Onuň sözlerine görä, soňky ýyllarda ýokary derejeli saparlaryň birnäçesi, şol sanda türkmen halkynyň Milli Lideriniň 2010-njy ýylda Hindistana, Hindistanyň Premýer-ministriniň 2015-nji ýylda Türkmenistana we Hindistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylda Türkmenistana saparlary amala aşyryldy.

«Täze — 2026-njy ýylda biz ýokary derejeli saparlar bilen bagly bu asylly däbi dowam etdirmäge umyt edýäris» diýip, Wilsonbabu nygtady.

Diplomat Hindistanyň dünýäniň dördünji uly ykdysadyýetidigine ünsi çekip, iň çalt ösýän iri ykdysadyýet hökmünde öz tejribesini hem-de hünär bilimlerini Türkmenistan bilen paýlaşmaga taýýardygyny belledi. Ol maglumat tehnologiýalary, derman senagaty, saglygy goraýyş, bilim, mümkinçilikleri artdyrmak, şeýle hem tebigy serişdeleri özleşdirmek we durnukly ulanmak ýaly hyzmatdaşlyk ugurlaryny sanap geçdi.

Şeýle hem ilçi Türkmenistanyň Hökümetine we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna hindi dilini ilerletmekde we öwrenmekde berýän goldawlary üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol Hindistanyň medeniýetiniň, sazynyň, tanslarynyň, ýogasynyň, aýurwedasynyň we kinematografiýasynyň Türkmenistandaky meşhurlygyndan hoşaldygyny mälim etdi.

10-njy ýanwarda bellenilýän Bütindünýä hindi dili gününe bagyşlanan çäre hindi jemgyýetiniň wekillerini, Hindistanyň dostlaryny we türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdelerini bir ýere jemledi. Çäräniň maksatnamasynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary edebi kompozisiýa bilen çykyş etdiler, aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi, ýoga görkezmeleri we hindi tagamlary bilen tanyşlyk boldy.

Hindi dili 600 milliondan gowrak adamyň gürleýän dili bolup, dünýäde iň köp ýaýran dilleriň arasynda üçünji ýerde durýar.