Turkmenportal logo
08.01.26
2604326043
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Belarus döwlet uniwersitetiniň türkmenistanly talyby GDA-nyň iň gowy talyby boldy
Belarus döwlet uniwersitetiniň türkmenistanly talyby GDA-nyň iň gowy talyby boldy https://bilim-ork.kz/3268-2/

Belarus döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň talyby Gurban Handurdyýew «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň iň gowy talyby» atly bäsleşikde ýeňiji boldy.

Bäsleşikde Gurban Handurdyýew GDA-nyň çäklerinde ýaşlar syýasatyny ösdürmäge goşan goşandy üçin sylaglandy. Şeýlelikde, ol bu bäsleşikde I derejeli Diploma, döşe dakylýan nyşana we kuboga mynasyp boldy.

Bäsleşik Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherindäki «Bilim-orkenieti» milli innowasiýa ylmy-gözleg merkezi hem-de «Žana Gazagystan» respublikan innowasion merkezi tarapyndan guraldy.

Belarus döwlet uniwersitetiniň türkmenistanly talyby GDA-nyň iň gowy talyby boldy | Turkmenportal.com