«Barselona» Saud Arabystanynda geçirilýän Ispaniýanyň futbol boýunça Superkubogynyň ýarym final oýnunda Bilbaonyň «Atletigini» 5:0 hasabynda ýeňdi.
Gollary Ferran Torres (22-nji minut), Fermin Lopes (30), Lamin Ýamal (34) we iki gezek Rafinýa (38, 52) geçirdiler.
11-nji ýanwarda geçiriljek ýaryşyň finalynda «Barselona» «Real» bilen «Atletiko» toparlarynyň arasynda ýeňiş gazanjak klub bilen duşuşar. Madridiň derbisi penşenbe güni geçiriler.
«Barselona» Ispaniýanyň Superkubogynda ýeňişleriniň sany boýunça rekordyň eýesi bolup, ol 15 kubogy gazanandyr. Şeýle hem häzirki wagtda bu ýaryşyň kubogynyň eýesi hökmünde çykyş edýär.

