Turkmenportal logo
08.01.26
2126421264
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýaly aýdymçy Dima Bilan emeli aň bilen bilelikde aýdym aýtdy
Russiýaly aýdymçy Dima Bilan emeli aň bilen bilelikde aýdym aýtdyФото: ТАСС/ Сандурская Софья

Russiýaly meşhur aýdymçy Dima Bilan özüniň emeli aň bilen bilelikde ýazgy eden «Границы» («Serhetler») atly täze aýdymy bilen tanyşdyrdy. Bu barada aýdymçynyň Telegram-ýaýlymyna salgylanýan «MIR 24» habar berdi.

6-njy ýanwar gijesi çap edilen klipde Garpamyk lakamly EA zenan sesi, Bilan erkek sesi bilen aýdym aýdýarlar. Aýdymçy taslamanyň janly ýerine ýetiriş bilen wirtual keşbiň gatnaşmagyndaky täsin synag bolandygyny belledi.

«Aýdym duýgular, ýeňip geçmeli menziller we ruhy serhetler barada gürrüň berýär. Bu biziň üçin möhüm we tolgundyryjy pursat» diýip, Bilan nygtady.