Harbin inženerçilik uniwersitetinde (Harbin Engineering University) okaýan türkmenistanly talyplar Hytaý Halk Respublikasynyň Harbin şäherinde talyplaryň arasynda geçirilen XVIII Gardan ýasalan heýkelleriň halkara bäsleşigine gatnaşyp, ikinji orny eýelediler.
Türkmen talyplary Didar Serdarow, Ilmyrat Rejepow, Ýusupjan Joraýew we Bagtyýar Amanow bäsleşige «Türkmenistanyň buýsanjy» diýlip atlandyrylan simwoliki eseri hödürlediler.
Buzdan we gardan ýasalan heýkel kompozisiýasynyň merkezinde ahalteke bedewleri ýerleşdirildi. Bäsleşigiň eminler topary «asman atlaryna» mahsus bolan syratlylygy, gözelligi hem-de asyllylygy inçelik bilen görkezmegi başaran bu esere ýokary baha berip, heýkeli ikinji orna mynasyp gördüler diýip, TDH habar berýär.

