Turkmenportal logo
07.01.26
1103311033
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Rumyniýada Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Rumyniýada Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

7-nji ýanwarda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Çärä gatnaşyjylar bu neşiriň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň taryhy tejribesini we häzirki zamandaky ähmiýetini seljermäge bagyşlanandygyny bellediler. Kitapda Bitaraplygyň hukuk we syýasy esaslaryna, onuň sebit hem-de ählumumy durnuklylygy üpjün etmekdäki ornuna, şeýle hem ýurduň parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ösdürmäge goşýan goşandyna garalýar.

Tanyşdyrylyşyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryndan ybarat bolan sergi guraldy. Sergide Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri, şol sanda durmuş-ykdysady özgertmeler we daşary syýasy başlangyçlar öz beýanyny tapdy.

Çärä Rumyniýada okaýan türkmen talyplary we bu ýerde ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary gatnaşdylar. Talyplar iňlis we rus dillerinde çykyş edip, kitapda öňe sürülýän pikirleriň ýaş nesil üçin örän wajypdygyny aýtdylar.

Guraýjylaryň bellemegine görä, bu duşuşyk Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny giňden wagyz etmäge hem-de daşary ýurtlardaky türkmen diasporasy bilen gatnaşyklary berkitmäge ýardam etdi.