Kot-d’Iwuaryň milli ýygyndysy Afrika milletleriniň Kubogynyň 1/8 finalynda Burkina-Fasony 3:0 hasabynda ýeňip, ýaryşyň 1/4 final tapgyryna çykan soňky ýygyndy boldy. Ýaryş Marokkoda geçirilýär.
Mundan ozal 1/8 finalda Müsüriň milli ýygyndysy goşmaça wagtda Benini 3:1 hasabynda ýeňdi. Esasy wagt 1:1 hasabynda tamamlandy. Nigeriýanyň futbolçylary bolsa Mozambigi 4:0 hasabynda ýeňipdi.
1/4 finalda ýaryşyň häzirki çempiony Kot-d’Iwuaryň ýygyndysy Müsür bilen duşuşar. Şeýle hem bu tapgyrda Mali bilen Senegalyň, Kamerun bilen Marokkonyň, Alžir bilen Nigeriýanyň arasynda duşuşyklar geçiriler. Oýunlar 9-njy we 10-njy ýanwarda bolar.
Afrika Kubogynyň final duşuşygy 18-nji ýanwarda geçiriler.

