Turkmenportal logo
06.01.26
6660766607
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Lebapawtoulag» önümçilik birleşigi 2026-njy ýylyň ýanwaryndan täze nyrhlary girizýär
«Lebapawtoulag» önümçilik birleşigi 2026-njy ýylyň ýanwaryndan täze nyrhlary girizýär

Türkmenistanyň Awtomobil ulag ministrligine degişli bolan «Lebapawtoulag» önümçilik birleşigi 2026-njy ýylyň ýanwar aýyndan başlap hereket edýän şäherýaka, şäherara ýolagçy ugurlarynyň nyrhlarynyň üýtgeýändigini mälim etdi.

Ýol gatnawlarynyň bahasynyň üýtgemegi sebitiň ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmek hem-de şu ýyl üçin bellenen durmuş-ykdysady meýilnamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda hereket edýän ugurlarda täze nyrhlaryň anyk möçberleri entek mälim edilmedi.

«Lebapawtoulagyň» wekilleri welaýatyň ýaşaýjylaryny ýetip gelen Täze ýyl bilen gutlap, olara berk sag-saglyk, maşgalada bagtyýarlyk we işlerinde üstünlikleri arzuw edýärler.