Turkmenportal logo
06.01.26
1292012920
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi derman serişdelerini we enjamlary satyn almak boýunça tender-bäsleşigini yglan etdi
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi derman serişdelerini we enjamlary satyn almak boýunça tender-bäsleşigini yglan etdi

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak boýunça halkara tender-bäsleşigini yglan etdi. Bu barada ministrligiň «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde çap edilen habarynda aýdylýar.

Tender-bäsleşigi dört lotdan ybarat: iň wajyp bolan derman serişdeleri, lukmançylyk önümleri we reagentler, çig mallar we lukmançylyk maksatly önümler, lukmançylyk enjamlary, dezinfeksiýa we anyklaýyş serişdeleri. Ähli harytlar halkara standartlaryna doly laýyk bolmalydyr.

Dalaşgärleriň teklipleri bildiriş çap edilen senesinden başlap 30 günüň dowamynda şu salgy boýunça kabul edilýär: Aşgabat, Arçabil şaýoly, 20.

Goşmaça maglumatlary almak üçin şu telefon belgisine ýüz tutup bilersiňiz: 40-04-79.