Turkmenportal logo
06.01.26
2348223482
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýaponiýada äpet tunes balygy 3,2 million dollara satyldy
Ýaponiýada äpet tunes balygy 3,2 million dollara satyldy

Ýaponiýada geçen söwdalaşykda (auksionda) 243 kilogram agramly tunes balygy 510 million iýene (ABŞ-nyň 3,2 mln dollary) satyldy. Bu şeýle söwdalaşyklaryň bütin taryhynda iň ýokary nyrhdyr diýip, TASS habar berdi.

Öňki rekord 1999-njy ýylda hasaba alnyp, tunes balygy 2,9 mln dollara satylypdy.

Tunes balygy 5-nji ýanwarda ýurduň Aomori prefekturasynyň kenarynda awlandy. Restoran işewürliginiň wekilleri ýylyň ilkinji söwdalaşygynda satyn alnan balygyň özlerine şowlulyk getirjekdigine ynanýarlar.