Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň mejlisler jaýynda 2025-nji ýylyň dowamynda abraýly halkara ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan mekdep okuwçylary we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem-de olary halkara bäsleşiklerine taýýarlan mugallymlar sylaglandy.
Olara Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatlary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy diýlip, «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Ýurduň Bilim ministrliginde geçirilen dabara «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen täze 2026-njy ýyly mynasyp derejede garşylamak ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli medeni-köpçülikleýin çäreleriň üstüni ýetirdi.
Bu waka ýurtda saýlap alan hünärine yhlas edip, belent derejelere ýeten ýaşlaryň sarpasynyň belent tutulýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi diýlip, habarda bellenilýär.

