Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowa täze ýyl gutlagyny iberdi diýip, «Watan» habarlar gepleşigi habar berdi.
«Ýakynda Aşgabatda wekilçilikli halkara forumyň dowamynda geçiren duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Forumyň üstünlikli geçmegi Türkmenistanyň halkara abraýyny we 30 ýyl bäri yzygiderli durmuşa geçirýän Bitaraplyk syýasatyna dünýä bileleşiginiň ýokary baha berýändigini aýdyňlygy bilen tassyklady» diýlip, gutlagda aýdylýar.
Russiýanyň Lideri Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça bilelikdäki işjeň gatnaşyklaryň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi. Putin bu hyzmatdaşlygyň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine, Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howpsuzlygy hem-de durnuklylygy berkitmegiň hatyrasyna amala aşyrylýandygyny nygtady.
Russiýanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, bagt we döwlet işinde üstünlikler, Türkmenistanyň halkyna bolsa rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

