Türkmenistan tarapy Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň rezidensiýasyna edilen hüjümi ýazgarýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň Metbugat gullugy habar berdi.
«Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň rezidensiýasyna edilen hüjüm baradaky habarlar bilen baglylykda, türkmen tarapy halkara howpsuzlygyna we durnuklylygyna howp salýan şeýle hereketler babatynda, aýratyn-da, gapma-garşylyklary gepleşikler arkaly kadalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan tagallalaryň şertlerinde aladalanma bildirýär we olary ýazgarýar» diýlip, habarda bellenilýär.
Daşary syýasat edarasynyň habarynda bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe döwlet hökmünde Türkmenistan halkara meseleleriniň islendik görnüşini diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly çözmegiň zerurdygyny hemişe nygtaýar.

