Şu gün Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda türkiýeli meşhur aýdymçy Jenk Başyň (Semiçenk) konserti guraldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, konserte tomaşa etmäge köpsanly aýdym-saz muşdaklary ýygnandylar. Olar Türkiýe Respublikasyndan gelen estrada aýdymçysy Jenk Başy şatlyk-şowhun bilen garşyladylar.
Türkmenistanyň durmuşyndaky möhüm wakalaryň aýdym-sazly çykyşlar, şol sanda daşary ýurtly görnükli artistleriň konsertleri bilen utgaşdyrylmagy ýurtda geçirilýän giň gerimli çäreleriň ähmiýetini hasam belende göterýär.

Türk aýdymçysy Jenk Baş habarçylara beren interwýusynda ata Watanynda görkezilen myhmansöýerlik üçin doganlyk türkmen halkyna minnetdarlyk bildirýändigini, ak mermerli Aşgabatda konsert bermäge döredilen giň mümkinçilik üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadaga hem-de Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidentine köp sagbolsun aýdýandygyny belledi.
Ozal 27-nji dekabrda Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda eýranly meşhur aýdymçy Araş Labafyň konsertiniň, 28-nji dekabrda russiýaly meşhur aýdymçy Matweý Melnikowyň (Mot) konsertiniň guralandygyny habar beripdik.

