Şu gün, Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda, paýtagtyň «Parahat-7» ýaşaýyş toplumynda, şeýle hem Mary şäherinde täze ýaşaýyş jaý toplumlarynyň açylyş dabaralary boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Büzmeýindäki Senagat köçesiniň ugrunda 2 sany 4 gatly 32 öýli we 1 sany 4 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy uly ruhubelentlige beslendi. Ýaşaýyş jaýlaryna eýe bolanlaryň hatarynda mümkinçiligi çäkli raýatlaryň hem bolmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ýaşaýyş jaýlarynda adamlaryň özlerini oňaýly we rahat duýmaklary üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulypdyr.
Aşgabat şäheriniň «Parahat-7» ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýyş jaýlaryndan mätäçlik çekýän maşgalalara täze öýleriň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy hem ýatda galyjy pursatlara beslendi.

Mary welaýatynyň Mary şäheriniň Baýramaly köçesiniň ugrunda 16 sany 4 gatly 640 öýli ýaşaýyş jaý toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi hem welaýatyň ähli ilatynyň baýramçylyk şatlygyny artdyrdy. Häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän bu ýaşaýyş jaý toplumyny Mary şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda «Erkin gurluşyk» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary bina etdiler. Täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna gatnaşan gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan dabaraly ýagdaýda sowgatlar gowşuryldy.

