Meşhur türk aýdymçysy Semicenk türkmen paýtagtyna geldi. Ol duşenbe güni agşam Gyşky sport görnüşleri boýunça Sport toplumynyň arenasynda konsert berip, Aşgabatda Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän baýramçylyk çäreleriniň tapgyryny dowam etdirer.
Semicenk — hakyky ady Jenk Baş — 2019-njy ýylda «O Ses Türkiye» şüweleňinde çykyş edenden soň tanalyp ugrady. Oňa hakyky meşhurlyk «Düşer Aklıma», «Al Sevgilim» we «Yana Yana» ýaly hitleri bilen geldi. Bu aýdymlar arkaly ol striming platformalarynda millionlarça diňleýjiniň söýgüsini gazandy.
Ýerine ýetiriji 2023-nji ýylda «Spotifyde» iň köp diňlenen türk aýdymçysy boldy we Altın Kelebek Awards baýraklaryna mynasyp boldy. Onuň sazlary täze nesliň romantik türk sazynyň sesi hökmünde kabul edilýär.
«Turkmenportal» saýtyna beren interwýusynda artist ilkinji gezek Türkmenistana gelendigi üçin örän şatdygyny aýtdy we hemmeleri agşamky konsertine çagyrdy.
Aşgabatda Täze ýylyň öňüsyrasynda dabaralar we baýramçylyk çykyşlary giň gerimde dowam edýär. Medeni maksatnama dürli ýurtlardan gelen artistleri birleşdirdi. Baýramçylyk çäreleriniň tapgyryna 27-nji dekabrda eýran‑şwed aýdymçysy Arashyň konserti badalga berdi. Onuň 15 ýyldan soň türkmen sahnasyna gaýdyp gelmegi türkmen tomaşaçylary üçin aýratyn waka boldy. 28-nji dekabrda bolsa baýramçylyk marafonynyň estafetasyny meşhur rus ýerine ýetirijisi Matweý Melnikow (köpçülige «MOT» ady bilen belli) dowam etdirdi. «Altyn grammofon» we «Ýylyň aýdymlary» baýraklarynyň eýesi türkmen tomaşaçylaryna özüniň ýörite maksatnamasyny hödürledi we «Awgust – bu sen», «Solo», «Absolýutno wsýo», «Kapkan» we beýleki esasy hitlerini ýerine ýetirdi.

