Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde seýrek duş gelýän ýarganatlara bagyşlanan täze sergi açyldy. 3D‑çap ediji tehnologiýanyň kömegi bilen Köwata gowagynda has köp duş gelýän adaty uzyn ganatly nalburun ýarganatlarynyň, Blaziusyň nalburny hem-de günorta nalburny ýaly görnüşleriň hakykata ýakyn modelleri taýýarlanyldy.
«Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, Türkmenistanyň çäginde 19 görnüşdäki ýarganatlar ýaşaýar we olar ekoulgamyň möhüm bölegi bolup durýar. Bäherden etrabyndaky gowakdaky mekan tutan ýarganatlar bir gijede takmynan bir ýarym million mör-möjekleri, şol sanda çybynlary we oba hojalygyna zyýan beriji mör‑möjekleri ýok edýärler. Bu jandarlar giňişlikde ugur tapmak we garaňkyda aw awlamak üçin eholokasiýadan peýdalanýarlar.
Alymlar uçýan golganatlylaryň möwsümleýin migrasiýasyny hem belläp geçýärler. Mysal üçin, Köwata gowagyndaky ýarganatlar fewraldan oktýabra çenli ýaşaýarlar, sowuk düşenden soň bolsa beýleki sebitlere göçýärler. Blaziusyň nalburun ýarganatlary bolsa, esasan, Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynda — serhetden takmynan 100 kilometr günorta tarapda gyşlaýarlar.
Soňky ýyllarda ýarganatlaryň sanynyň azalýandygy aýdylýar, munuň sebäbi bolsa oba hojalygynda himiki serişdeleriň giňden ulanylmagy bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda olaryň alty görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Zoolog alymlar bu jandarlaryň tebigy gurşawyň möhüm bölegi hökmünde goralmagynyň zerurdygyny nygtaýarlar.

