Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyna mynasyp bolan ynsan hökmünde, bu sylagy öz şahsy üstünligi däl-de, ilçihananyň tutuş işgärler toparynyň bilelikdäki zähmetiniň miwesi hökmünde kabul edýändigini belledi.
«Şu gün birnäçe diplomatlar, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan öz işlerine ýokary baha aldylar. Bu diýseň ýakymly, diýseň tolgundyryjy ýagdaý. Men muny öz şahsy gazanan üstünligim hökmünde däl-de, ilçihanamyzyň tutuş toparynyň bilelikdäki işiniň netijesi hökmünde kabul edýärin» — diýip, ilçi «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly gadamlary» atly maslahatyň jemleri boýunça aýtdy.
Iwan Wolynkin bu sylagyň ähli toparyň zähmetiniň miwesidigini aýratyn nygtady. «Ikinjiden, men bu sylagy belli bir derejede öňünden bildirilýän ynam hökmünde kabul edýärin. Diýmek, biz mundan beýläk-de has köp we has netijeli işlemelidiris. Biziň esasy maksadymyz Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da çalt depginlerde, ähli ugurlar boýunça ösmegini gazanmakdan ybaratdyr. Bu bolsa sebitiň hem-de bütin dünýäniň parahatçylygynyň, durnuklylygynyň we abadançylygynyň bähbidinedir» — diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Diplomat iki ýurduň halklarynyň bähbidine gönükdirilen işleri alyp barmagyň möhümdigini hem belledi.
Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen Permana laýyklykda, Russiýanyň ilçisi «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglandy.

