Turkmenportal logo
25.12.25
3209432094
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
S7 Airlines 2026-njy ýylyň mart aýyndan «Nowosibirsk – Aşgabat» ugry boýunça gatnawlary açýar

S7 Airlines awiakompaniýasy «Nowosibirsk – Aşgabat» täze ugry boýunça biletleriň satuwyny açdy. Uçuşlar hepdede bir gezek — sişenbe güni, 2026-njy ýylyň 31-nji martyndan başlap amala aşyrylar.

«Nowosibirsk – Aşgabat» göni ugry boýunça uçuş Tolmaçýowo (OVB) howa menzilinden sagat 00:55-de uçup, Aşgabatda ýerli wagt bilen 03:00-da gonar. Ýoluň wagty 4 sagat 5 minut. Gatnawlar Airbus A320 uçarlarynda ýerine ýetirilýär.

Ýolagçylara «Standart» we «Plus» nyrhnamalary hödürlenýär, olar ýol goşlaryny alyp gitmek, biletleri çalşyp ýa-da yzyna gaýtarmak şertleri boýunça tapawutlanýar.

«Aşgabat – Nowosibirsk» ugry boýunça yzyna uçuş hem sişenbe güni amala aşyrylar. Uçuş sagat 04:30-da meýilleşdirilip, Nowosibirskde sagat 10:15-de gonar. Ýoluň wagty 3 sagat 45 minut.

Dürli nyrhnamalaryň çäklerinde ýolagçylara goşmaça hyzmatlar hödürlenýär: ýol goşlaryny alyp gitmek, oturgyjy sargyt etmek we hyzmatlaryň derejesini ýokarlandyrmak mümkinçiligi bar.

Mundan başga-da, S7 Airlines eýýäm «Moskwa – Aşgabat» ugry boýunça gatnawlary amala aşyrýar. Biletleriň häzirki bahasy we gatnawlar baradaky jikme-jik maglumatlary awiakompaniýanyň resmi saýtyndan bilip bolýar.