Turkmenportal logo
25.12.25
1407414074
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
11 aýda 340 müňden gowrak türkmen jahankeşdesi Özbegistana syýahat etdi

2025-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Türkmenistanyň raýatlarynyň 340 müňden gowragy Özbegistana syýahat etdi. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komiteti habar berdi.

Hasabat döwründe goňşy ýurda 341,4 müň türkmenistanly syýahatçy barypdyr. Şeýlelikde, Türkmenistan Özbegistana syýahat eden raýatlarynyň sany boýunça altynjy ýeri eýeledi.

Sanawyň ilkinji bäşliginde Gyrgyz Respublikasynyň (3 million syýahatçy), Gazagystanyň (2,5 million), Täjigistanyň (2,5 million), Russiýanyň (923,8 müň) we Owganystanyň (494,4 müň) ady bar.

Umuman alnanda, 2025-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Özbegistan 10,7 million daşary ýurtly jahankeşdäni kabul etdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 47,4 göterim köpdür.