Turkmenportal logo
25.12.25
4329343293
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen talyby halkara ylmy bäsleşikde diploma mynasyp boldy

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Mukam Saryýew Russiýada geçirilen «New Science Award 2025» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy. «Biologiýa» hünäriniň 4-nji ýyl talyby birinji derejeli diploma mynasyp boldy.

Bäsleşigiň netijelerine görä, Saryýewiň ylmy işi halkara bäsleşigiň ýeňijileriniň ylmy makalalar ýygyndysyna girizildi we bäsleşikleriň arhiwinde çap edildi.