Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Mukam Saryýew Russiýada geçirilen «New Science Award 2025» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy. «Biologiýa» hünäriniň 4-nji ýyl talyby birinji derejeli diploma mynasyp boldy.
Bäsleşigiň netijelerine görä, Saryýewiň ylmy işi halkara bäsleşigiň ýeňijileriniň ylmy makalalar ýygyndysyna girizildi we bäsleşikleriň arhiwinde çap edildi.

