Daniýanyň poçta edarasynyň fiziki hatlary daşamagy bes etmek barada çözgüdi sanlylaşdyrmagyň ösüşi bilen baglydyr. Netijede, ýurduň «PostNord» poçta kompaniýasy 30-njy dekabrda adaty hatlaryň iň soňkusyny salga gowşurmak bilen, köpasyrlyk däbi bes eder.
«PostNord» kompaniýasynyň ýurtdaky baş direktory Kim Pedersen bu kararyň ýeňil düşmändigini, sebäbi kompaniýa 400 ýyl bäri dowam edip gelýän işden ýüz öwürmegiň agyr degýändigini boýun aldy.
«Bu biziň taryhymyzyň bir bölegi» diýip, ýolbaşçy nygtady. Onuň sözlerine görä häzir daniýalylar sanly tehnologiýalardan peýdalananlaryny kem görenoklar. «Elde hat ýazýan adamlar seýrek, indi bu iş bize hiç hili girdeji getirenok» diýip, Pedersen nygtady.
Daniýanyň poçta gullugy ýurtda hat gatnawyny 1824-nji ýyldan bäri amala aşyrýardy. Soňky 25 ýylda ýurtda iberilýän hatlaryň sany 90 göterim azaldy diýip, «rg.ru» ýazýar.

