Turkmenportal logo
22.12.25
1307913079
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda ÝB-niň wekilhanasynda Roždestwo baýramyna bagyşlanyp kitap ýarmarkasy geçirildi
Aşgabatda ÝB-niň wekilhanasynda Roždestwo baýramyna bagyşlanyp kitap ýarmarkasy geçirildi

20-nji dekabrda Ýewropa Bileleşiginiň Aşgabatdaky wekilhanasynda Roždestwo baýramyna bagyşlanyp kitap ýarmarkasy geçirildi. Bu ýerde paýtagtyň iň iri kitap dükanlary bir meýdançada jemlenip, myhmanlara dürli žanrlardan kitaplary hödürlediler. Däp bolan Roždestwo sazlary ajaýyp baýramçylyk gurşawyny döretdi, myhmanlara bolsa dürli tagamlar hödürlendi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, aýratyn meşhur bolan ýerleriň biri kitap alyş-çalyş (bookcrossing) zolagy boldy. Bu meýdança medeniýeti ösdürmäge, ekologiki düşünjäni berkitmäge hem-de okyjylaryň arasyndaky göni aragatnaşygy höweslendirmäge hyzmat etdi.

Kiçi ýaşly myhmanlar üçin Aýaz baba bilen duşuşyk guraldy, ol Täze ýyl baýramy boýunça wiktorina-bäsleşigini geçirdi.

Mundan başga-da, çagalar üçin dürli ussatlyk sapaklary geçirildi hem-de Aýaz babanyň «poçta» stansiýasy görnüşinde interaktiw meýdança döredildi.

Guramaçylar şeýle çäreleriň halkara medeni dialogyny berkitmekde we ilatyň arasynda okamak endiklerini wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.