Şu ýylyň 11 aýynda Lebap welaýatynda bakja önümleriniň ýetişdirilişi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 10 göterime golaý köp boldy. Has takygy, 183 müň tonna bakja önümlerini ýetişdiren lebaply babadaýhanlar geçen ýylky görkezijini 15 müň tonnadan gowrak artdyrdylar. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.
Bakja önümlerinden başga-da ýumurtga almakda 6,1 (250 milliondan gowrak), miwelerdir ir-iýmişleri ýetişdirmekde 6 (50 müň tonna golaý), gök önüm almakda 4,7 (312 müň tonnadan gorwak), et önümçiliginde 2,2 (153 müň tonna) göterimlik artyş üpjün edildi. Welaýatda pagta süýüminiň, ýeralmanyň, üzümiň, etiň, süýdüň önümçiligi hem 2024-nji ýylyň degişli döwründäkiden 2,2 göterime çenli artdy.
Maldarçylykda bolsa düýeleriň baş sanynyň geçen ýylyň degişli döwründäkiden 2 göterime golaý artandygyny aýtmak gerek. Şeýle hem iri şahly mallaryň sany 1 müň 300-den, guşlaryň sany bolsa 5,5 müňden gowrak artdy.

