Täze ýylyň golaýlaşmagy bilen, Zyýat Hil konditer dükany gyşky baýramçylyklara ýörite taýýarlanan, baýramçylyk bezegli tortlaryň täze toplumyny hödürleýär. Täze ýyl desertleri brend üçin mahsus bolan ýokary hilini, täze goşundylary we torty baýramçylyk saçagynyň esasy bezegine öwürýän özboluşly bezegleri özünde jemleýär.
Toplumda iň meşhur we nusgawy tagamlardaky tortlar bar: ýumşak biskwitli we kremli görnüşler, şokoladly görnüşler, miweli we ir-iýmişler goşulan utgaşmalar bar. Daşky görnüşe aýratyn üns berilýär: Täze ýyl bezegleri, gyşky nagyşlar, arça düzüm bölekleri, garly nagyşlar we nepis tematik ýazgylar. Şeýle tort öýde geçirilýän baýramçylyk üçin hem, korporatiw agşamlar ýa-da ýakynlara sowgat hökmünde hem amatlydyr.

Zyýat Hil dükanynda belleýişleri ýaly, ähli tortlar diňe sargyt boýunça taýýarlanylýar. Bu bolsa müşderileriň isleglerini — dizaýndan başlap, ölçegine we tagam aýratynlyklaryna çenli — doly nazara almaga mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, süýjüligi hem maşgala ojagynda mylaýym oturylyşyk üçin, şeýle hem uly topar üçin saýlap bolýar.
Sargydyň mukdary 150 manatdan ýokary bolsa, Aşgabat we Gökdepe etraby boýunça eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar. Dükanlar dynç günsüz işleýär we sargytlar her gün irden sagat 8:00-dan agşam 22:45-e çenli kabul edilýär.

Zyýat Hil dükanlarynyň salgylary:
Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254, telefonlary (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, Seýran söwda merkezi, telefonlar (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat, telefonlar (+993 12) 97 95 06 (+993 62) 02 13 63.
Sosial ulgamdaky sahypasy.
Zyýat Hil dükanynyň Täze ýyl tortlary — diňe bir süýji tagam däl-de, eýsem Täze ýylyň ruhuny açyp görkezýän, ilkinji bölegi dadylmazdan öň baýramçylyk duýgusyny döredýän tutuş bir baýramçylyk keşbidir.

